Hulusi Akar Estoniýanyň Goranmak ministri Luik bilen duşuşdy

Estoniýanyň Goranmak ministri resmi sapar bilen Ankara geldi

1104709
Hulusi Akar Estoniýanyň Goranmak ministri Luik bilen duşuşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Estoniýanyň Goranmak ministri Luik bilen duşuşdy.

Ministr Akar kärdeşi Luigi Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

Harby dabaradan soň özara duşuşyk geçiren iki kärdeş, iki ýurduň arasynda harby we howpsyzlyk taýdan edilýän hyzmatdaşlyk bilen birlikde NATO meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

 

 



Degişli Habarlar