Hulusi Akar TRT World kanalyna beýanat berdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda emele getirilmek islenýän howpsyz zolakda, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň bolmaly däldigini belledi

1146791
Hulusi Akar TRT World kanalyna beýanat berdi

Hulusi Akar, Mýunhen Howpsyzlyk konferensiýasyna gatnaşanyndan soň, TRT World kanalyna beýanat berdi.

Ýewfrat derýasynyň gündogarynda emele getirilmek islenýän howpsyz zolakda, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň bolmaly däldigini aýdan Akar: “Esasy zat serhetlerimiziň, halkymyzyň howpsyzlygyny üpjün etmek” diýip belledi.

Hiç bir ýurdyň serhetlerinde terrorçylary islemeýändigini aýdan Türkiýäniň Goranmak ministri, Türkiýäniň ýeketäk maksadynyň sebiti ÝPG/PKK, DAIŞ ýaly terror guramalaryndan saplamakdygyny nygtady.

Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň asuda ilata garşy wagşyçylykly hereketlerinede ünsi çeken Hulusi Akar: “Arap we kürt doganlarymyzy goldamaga dowam ederis” diýip belledi.

Akar, Türkiýe-NATO gatnaşyklary bilen bagly soraga bolsa: “Biz NATO agza bir ýurtdyrys. Jogapkärçiliklerimizi ozalkylar ýaly ýerine ýetirýäris. Hiç hili üýtgeşme ýok” diýip jogap berdi.


Etiketkalar: #Hulusi Akar , #TRT World

Degişli Habarlar