Ibrahim Eren: "TRT World Forum bilen sessizleriň sesi boldyk" diýdi

TRT-nyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Baş müdüri Ibrahim Eren, TRT World forumyň üsti bilen sesszleriň sesi bolandyklaryny mälim etdi

1537737
Ibrahim Eren: "TRT World Forum bilen sessizleriň sesi boldyk" diýdi

Ibrahim Eren, şu ýyl "Pandemiýadan soň Dünýäde Halkara düzgün we üýtgeýän dinamikalar", temasy bilen şu gün başlan we koronawirus epidemiýasy sebäpli onlaýn görnüşde geçirilýän TRT World Forum 2020-ä göni aragatnaşyk gatnaşdy. 

Ibrahim Eren, forum bilen karar berýänçiler, jemgyýetçilik guramalaryň liderleri, syýasatçylar we guramadyr-edaralaryň agzalary üçin şu günki günüň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny biri-birinden tapawutly nukdaýnazarlar tarapyndan ara alyp maslahatlaşyljak möhüm bir global platforma bolmagy maksat edinilendigini mälim etdi. 

TRT World Forumyň ilkinji geçirilen gününden bäri global jemgyýetiň agzalary hökmünde şol bir gämidediklerini göz ýetirilmegi üçin tagalla edendiklerini aýdan Eren: "Şol bir wagtda käbir sesleriň, beýlekilere garanyňda has ýeňil we köp eşidilýändigini belledik. Şol sebäpli ähli meseleler boýunça ençeme ýyl bäri görülmeýäniň görülmegini we eşidilmeýäniň eşidilmegini görkezmek üçin köp tagalla etdik. Sessizlere ses boldyk" diýip nygtady. 

Eren TRT-nyň halkara täsiriniň astynda ýatan esasy pelsepäniň şoldygyny belläp: "Sessizleriň sesi bolmak, bir gymmatlyk hökmünde TRT-nyň däbidir. Ine şol sebäpli hem TRT World Forumy döretdik" diýip habar berdi. 

Ibrahim Eren, Prezident Rejep taýýip Erdogan başda bolmak bilen foruma goşant goşan ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar