Izmirdäki ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

Izmiriň Seferihisar etrabynyň golaýynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1518958
Izmirdäki ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

Izmir welaýatynyň Seferihisar etrabynyň suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda bolan ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy. 

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) tarapyndan berilen beýanata görä ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy, 120 adam ýaralandy. 

AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, sagat 14.51-de Egeý deňzinde İzmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titreme sebäpli Bornowa we Baýrakly etraplarynda käbir binalar ýumruldy. 

Baýrakly etrabynda ýer titreme sebäpli ýumrulan binanyň aşagyndan 4 adam ýaraly ýagdaýda halas edildi. 

Seferihisar etrabynda ýer titremäniň täsiri bilen deňiziň suw derejesiniň ýokarlamagy bilen käbir köçeleri suw aldy. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Izmir

Degişli Habarlar