Izmiriň Seferihsar Etrabynda 6,6 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy

1518873
Izmiriň Seferihsar Etrabynda 6,6 Bal Ululygynda Ýer Titremesi Boldy

Izmiriň Seferihisar etrabynyň golaýynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, sagat 14.51-de Egeý deňzinde İzmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Izmiriň gubernatory Köşger, ýer titremesi hakynda beren beýannamasynda “Çekilen adam pidasy barada heniz hiç hili maglumat ýok. Krizis merkezine geçeris we gelip gowşan maglumatlary halka ýetireris” diýdi.

Baýrakly etrabynda ýer titremesi sebäpli çöken binada gözleg we halas ediş işleri başladyldy.


Etiketkalar: #Izmir , #ýer titremesi

Degişli Habarlar