Kalyn Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň wekiliýetleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň beýanat berdi

Kalyn, Prezidentiň kompleksinde Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wekiliýetleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy

1832723
Kalyn Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň wekiliýetleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmaklary bilen bagly geçirilen gepleşikler barada: "Türkiýäniň howpsuzlyk aladalary anyk ädimler bilen, kesgitli möhlet içinde ýola goýulmasa tapgyrda öňe gidişlik edilip bilinmejekdigini örän açyk ýagdaýda beýan etdik" diýip habar berdi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, Prezidentiň kompleksinde Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň wekiliýetleri bilen geçiren gepleşiklerinden soň umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Terroryň tapawutly ýüzleri, formatlary, şekilleri we öwrülişik geçirip öňüne çykan görnüşlerine garşy tutanýerlilik bilen göreşmegiň NATO-nyň konseptiniň hem iň esasy prinsipleriniň birini emele getirýändigini aýdan Ibrahim Kalyn: "Türkiýäniň howpsuzlyk aladalary, Türkiýäniň terrora garşy göreş alyp barýan PKK, PÝD/ÝPG, DHKP-J we FETÖ ýaly terror guramalarynyň esasan hem Ýewropa ýurtlarynda, NATO agza käbir ýurtlarda we häzirki wagtda gün tertibimizde bolan Finlýandiýadaky we Şwesiýadaky barlygy bilen baglanşyklydyr. Biz söhbetdeşlerimize PKK/PÝD we ÝPG-nyň arasynda hiç hili tapawudyň bolmandygyny, olaryň arasynda goýulýan tapawudyň biz taýdan hiç hili manysynyň bolmandygyny açyk we anyk ýagdaýda aýtdyk" diýip habar berdi. 

Ady agzalan ýurtlardan soňky 10 ýylda yzyna gaýtarylyp berilmegi islenen terrorçylar meselesini hem gün tertibe getirendiklerini aýdan Kalyn: "Şu günki güne çenli terrorçylaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi bilen bagly Şwesiýadan 28 terrorçy, Finlýandiýadan bolsa 12 terrorçy talabymyz boldy. Emma gynansagam şu güne çenli şolaryň hiç birine oňyn jogap alyp bilmedik. Şolaryň sebäplerini gözden geçiren mahalymyz, iş delolaryny we habarnamalary öňlerine goýan mahalymyz hem ol ýerde bizi ynandyryp biljek hiç bir kazyýet, hukuk sebäbiniň ortaýa goýulmandygyny gördük. Şol aladalarymyzy hem söhbetdeşlerimize giňişleýin düşündirdik. Şeýle hem Türkiýä garşy girizilen goranyş senagaty bilen baglanşykly açyk ýa-da ýapyk, kiçi ýa-da uly göwrümli her dürli çäklendirmeleriň aýrylmagy babatyndaky tamalarymyzy nygtap geçdik" diýip mälim etdi. 

Kalyn: "Türkiýäniň howpsuzlyk aladalary anyk ädimler bilen, kesgitli möhlet içinde ýola goýulmasa tapgyrda öňe gidişlik edilip bilinmejekdigini örän açyk ýagdaýda beýan etdik" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar