Koronawirus howply bolmagynda galýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1454319
Koronawirus howply bolmagynda galýar

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 19 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 382 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 46 müň 492 adam testden geçirilip, ýene-de 108 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1156 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 195 müň 671 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar