"Koronawirusa garşy göreşde halkara jebislik hökmany"

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, täze görnüş koronawirusa garşy göreşde halkara jebisligiň hökmanydygyny belledi

1385637
"Koronawirusa garşy göreşde halkara jebislik hökmany"

Fahrettin Altun, sosial media twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiýe Kovid-19-a garşy täsirli we berk ýagdaýda göreş alyp barýar. Öňünden çäre gördük we tapawutly ssenariýlere taýarlandyk. Saglygy goraýyş ulgamymyz, taryhy epidemiýa şertlerine ser salynanda, ençeme ýurduňkydan has berkdigini subut etdi" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň, saglygy goraýyş bilen bagly meseleleri ele alan mahaly täze görnüş koronawirusyň ykdysady täsirine we halkara koordinasiýany artdyrmak üçin daşary syýasat mümkinçiliklerine hem üns berýändigini aýdan Altun: "Saglygy goraýyş dolanşygy, berk howpsyzlyk çäreler we ykdysady goldaw bilen birlikde ele alynmalydyr" diýdi.

Fahrettin Altun, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Kovid-19-a garşy göreşde Türkiýäniň milli ädimlerini koordinasiýa etmek bilen birlikde, meselä garşy global derejede bir jogap orta goýmak üçin tagallasyny artdyrýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar