Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler berýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 194 müň 515 adama ýetdi

1453730
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler berýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 19 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 363 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 45 müň 232 adam testden geçirilip, ýene-de 1012 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1298 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 194 müň 515 adama ýetdi.



Degişli Habarlar