Kurtaran-2022 Türgenleşigi Başlady

Türgenleşik 27-nji maýa çenli dowam eder.

1832882
Kurtaran-2022 Türgenleşigi Başlady

Türk deňiz, guryýer we howa güýçleri, Kenarýaka howpsuzlyk serkerdeliginiň güýçleri bilen daşary ýurtly synçylaryň gatnaşmagyndaky “Kurtaran-2022” türgenleşiginiň metbugata tanyşdyryş tapgyry başlady.

Türgenleşige TÜrkiýäniň ýany bilen Azerbaýjandan, Bangladeşden, Bahreýnden, Bolgariýadan, Ekwadordan, İndoneziýadan, Günrota Koreýadan, İspaniýadan, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyndan, Pakistandan, Polşadan we İordaniýadan 26 synçy gatnaşýar.

Mugla welaýatynyň Marmaris Aksaz portundan ugran “TJG Alemdar” deňizasty gämilerinden gullukçy gözleg-halas ediş gämisi, halas ediş işlerini ýerine ýetirmek üçin Ortaýer deňizine çykdy.

Gämidäki brifingde “Kurtaran-2022” türgenleşiginiň şu ýyl bäşinjisiniň guralýandygyni beýan eden Halas ediş we suwasty serkerdesi kapitan Özgür Kenan Tansoý, türgenleşigiň deňizasty gämisinden gullukçy halas ediş türgenleşigidigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar