"Liwiýa bilen baglaşylan ylalaşyk beýleki ýurtlara garşy howply däl"

Hulusi Akar paýtagt Ankarada Gury ýer güýçleriniň Operasiýa merkezine baryp gördü

1319765
"Liwiýa bilen baglaşylan ylalaşyk beýleki ýurtlara garşy howply däl"

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Liwiýa bilen baglaşylan ylalaşygyň beýleki ýurtlara garşy howply bolmandygyny aýtdy.

Hulusi Akar paýtagt Ankarada Gury ýer güýçleriniň Operasiýa merkezine baryp gördü.

Akar merkezde beren beýanatynda Liwiýa bilen baglaşylan  “Howpsyzlyk we harby taýdan hyzmatdaşlyk teswirnamasy” bilen “Deňiz ytyýar giňişliginiň çäklendirilmegi” baradaky ylalaşyk hakynda durup geçdi.

Akar, “Ylalaşyk asla haýsydyr bir ýurda garşy howply däl we beýleki ýurtlaryň  hak-hukuklaryna äsgermezçilik edilmeýär” diýdi.

Ylalaşyga laýyklykda hereket etmäge dowam edýändiklerini nygtan Akar “Amerikaly hyzmatdaşlarymyzyň, rus dostlarymyzyň hem jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeklerine garaşýarys. NATO agza ýurtlara abanýan howplara garşy tutum alyp barýarys, edil şonuň ýalyda hyzmatdaşlarymyzyň hem bize bolan jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeklerine garaşýarys” diýdi.

 



Degişli Habarlar