Mewlüt Çawuşogly Antalýa welaýatyna bardy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň güýji saýasynda öňe çykan päsgelçilikleri aşyp, ýoluny dowam etdirýändigini beýan etdi

1146907
Mewlüt Çawuşogly Antalýa welaýatyna bardy

Antalýadaky saparyny dowam etdirýän Mewlüt Çawuşogly, Adalat we ösüş partiýasynyň Elmaly etrabyndaky maslahatyna gatnaşdy.

Ol ýerdäki çykyşynda Türkiýäniň soňky wagtlarda ýeten sepgidine we sebitindäki roluna ünsleri çeken Çawuşogly: “Güýjiň bar bolsa öz hukugyňy gorarsyň, ýogsam gorap bilmersiň. Şu gün Türkiýe hem meýdanda hem-de stoluň başynda güýçli. Ozallar meýdanda ýeňiş gazanyp, stoluň başynda ýeňilýärdik. Indi bolsa meýdanda ozalkylardan has güýçlidiris, stoluň başynda hem güýçlendik. Sebäbi dogrynyň arkasynda durýarys. Hiç kimiň hakyny iýmeýäris. Ejizleriň arkasyny alýarys” diýip belledi.

Türkiýäniň güýji saýasynda öňe çykan päsgelçilikleri aşyp, ýoluny dowam etdirýändigini aýdan Çawuşogly: “Şu gün ykdysady güýjümiz, maliýe ulgamymyz we bank pudagymyz gowşak bolan bolsady, bu ykdysady hüjümleriň hötdesinden ýeňil ýagdaýda gelip bilmezdik” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar