Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Çawuşogly, TRT Habar kanalynyň göni ýaýlymynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

1454190
Mewlüt Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Aýasofýanyň metjit hökmünde ybadata açylmagy bilen bagly karar barada, Türkiýäniň özygtyýarlylyk hukugyna goşulmak bilen bagly beýanatlary berk ýagdaýda ret edýändiklerini habar berdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, TRT Habar kanalynyň göni ýaýlymynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi.

Aýasofýanyň ybadata açylmagynyň hukuk taýdan ýerlikli bir karardygyny aýdan Mewlüt Çawuşogly, Aýasofýanyň 1453-nji ýylda Stambul basylyp alynanyndan soň, türk milletine degişli bolandygyny we metjide öwrülendigini beýan etdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Aýasofýa metjidi 1462-nji ýylda metjit hökmünde bellige alyndy we metjit hökmünde ulanylmalydyr. Bu babatda açylmalydy, açylmaly däldi, açylmasa has gowy bolardy diýip taraplar öz pikirlerini beýan edip bilerler. Her kimiň pikirine goşulyşmasak hem olara hormat goýarys. Emma Türkiýäniň özygtyýarlylyk hukugyna goşulmak bilen bagly beýanatlary berk ýagdaýda ret edýäris” diýip nygtady.

Beýleki tarapdan Ermenistanyň serhediň Towuz sebitinde Azerbaýjana degişli ýerlere guran hüjümi bilen baglanşykly Çawuşogly: “Elbetde Azerbaýanyň goşuny gerek bolan jogaby berdi we bu hüjümleri yzyna serpikdirdi. Şu ýerde şuňa göz ýetirdik, Ermenistan esasan hem basyp alan ýerlerinden ünsleri başga bir ýere öwürmek isleýär we täze çaknyşyk ýerlerini emele getirýär” diýip belledi.

Mewlüt Çawuşogly şu günki güne çenli Ermenistanyň çözgüdiň tarapdary bolmandygyny belläp: “Ermenistanyň eden-etdiligi kabul edilmez. Özüne gelsin. Azerbaýjan ýalňyz däldir. Biz Türkiýe Respublikasy we türk milleti hökmünde ähli mümkinçiliklerimiz bilen Azerbaýjanyň ýanyndadyrys” diýip habar berdi.

 



Degişli Habarlar