Mewlüt Çawuşogly Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işer ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşdy

Duşuşykda Türkiýe bilen Gyrgyzystanyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşyldy

1272521
Mewlüt Çawuşogly Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işer ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Wengriýada Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işer ministri Çingiz Aýdarbekow bilen duşuşdy

Türk geňeşiniň “Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” Budapeştde tanyşdyryş ofisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Wengriýa giden Daşary işler ministri Çawuşogly gyrgyz kärdeşi Aýdarbekow bilen duşuşdy

Çawuşogly bilen Aýdarbekow 45 minut dowam eden duşuşykda Türkiýe bilen Gyrgyzystanyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşdy

Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Szižiarto bilen duşuşan Çawuşogly Türk geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy

Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen hem duşuşmagyna garaşylýar

 

 

 



Degişli Habarlar