Mewlüt Çawuşogly, Polşaly we Ruminiýaly Kärdeşleri Bilen Duşuşdy

Türkiýäniň-Ruminiýanyň we Polşanyň daşary işler ministrleriniň üç taraplaýyn 10-njy maslahaty Stambulda geçirler

1833611
Mewlüt Çawuşogly, Polşaly we Ruminiýaly Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Zbigniew Rau-Mevlut Cavusoglu.jpg
Bogdan Aurescu-Mevlut Cavusoglu.jpg

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Ruminiýanyň we Polşanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku we Zbignew Raý bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly, Stambulda Dolmabahçe köşgünde bolan duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Ruminiýaly kärdeş Auresku bilen özara gatnaşyklar we Ukraina meselesi bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Mewlüt Çawuşogly habarnamasynda Polşanyň Daşary işler ministri Rau bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşandyklaryny we iki ýurduň arasynda Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň dörediljekdigini belledi.

Daşary işler ministrliginden düýn berlen beýannamadai Türkiýäniň-Ruminiýanyň we Polşanyň daşary işler ministrleriniň üç taraplaýyn 10-njy maslahatynyň Türkiýäniň ýolbaşçylygynda Stambulda geçiriljekdigi nygtalypdy.



Degişli Habarlar