Mewlüt Çawuşogşy Maýk Pompeo bilen duşuşdy

"Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar we Liwiýa konferensiýasy hakynda pikir alyşdyk"

17 Haziran 2020 15:19

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogşy ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşdy.

Liwiýa konferensiýasyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň paýtagty Berline giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşdy.

Ministr Çawuşogly duşuşyk barada Twitterden beren beýanatynda “ ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar we Liwiýa konferensiýasy hakynda pikir alyşdyk. Liwiýada hüjümleriň bes edilmegi we syýasy etabyň başlamagy üçin tagalla edýäris” diýdi