Milli Goranmak ministri Akar rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Soçi ylalaşygynyň çäginde “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyndaky soňky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy

1320544
Milli Goranmak ministri Akar rus kärdeşi bilen telefon  arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýa Federassiýasynyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Soçi ylalaşygynyň çäginde “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagyndaky soňky ýagdaý hakynda pikir alyşdy.

Akar bilen Şoýgu şeýle hem İdlibde we Siriýanyň beýleki şäherlerinde howpsyzlyk we goranyş taýdan başdan geçirilýän wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

 



Degişli Habarlar