Milli häkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bilen Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň açylyşynyň 99-njy ýyly ýurdyň ähli ýerinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

1188276
Milli häkimiýet we çagalar baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Dabaralaryň ilkinji salgysy Ankaradaky Anytkabir mawzoleýi boldy.

Türkiýäniň Milli Bilim ministri Ziýa Selçukyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Anytkabire bardy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan şu gün, Milli Bilim ministri Ziýa Selçuky we ýanyndaky çagalary kabul eder, ondan soň Beştepe Kongres we medeniýet merkezinde TRT 23-nji aprel gala programmsyna gatnaşar.

Beýleki tarapdan TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, TBMM-nyň döredilen gününiň 99-njy ýyly we 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Mejlisiň başlygy gutlag ýüzlenmesinde: “Türkiýe diňe tapawutlylyklaryň çaknyşygy bahanasy däl, eýsem özgermegiň pursady hökmünde görýän bir düşünje bilen öňe gidip biler” diýdi.

Şentop, çagalaryň we ýaşlaryň milli we ruhy gymmatlyklar bilen üpjün edilmelidigini nygtady.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem gutlag ýüzlenmesinde: “Eziz milletimiziň bütin dünýä, öz geljegini öz kesgitläp bilmek baradaky sözüň eýesiniň ýenede özüdigini yglan eden şu gün, milli barlygmyzyň iň gymmatly we buýsandyryjy pursatlaryndan biri hökmünde medeniýet taryhyna ýazyldy” diýip belledi.



Degişli Habarlar