Mustafa Şentop terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Türkiýäniň gazanan tehnoligiki ösüşleriniň saýasynda terrora garşy göreşinde gowy netijelere ýetendigini mälim etdi

1663366
Mustafa Şentop terrora garşy göreşiň üstünde durup geçdi

Antalýa welaýatynda geçirilýän Gündorta-gündogar Ýewropanyň hyzmatdaşlyk tapgyrynyň Parlamentarlar Assambleýasynyň 8-nji geňeşine gatnaşan TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Anadoly habarlar gullugyna beren beýanatynda, ozalky wagtlara garanyňda has ýerli, özbaşdak aksiýalardan ybarat bolan terrorçylykly hadysalaryň, dünýäde tehnologiýanyň özgermegi bilen has hem uly mesele ýagdaýyna gelendigine ünsleri çekdi. 

Tehnologiki mümkinçilikleri halkara terror guramalaryna berýän ýurtlar sebäpli bu guramalaryň has täsirli ýagdaýa gelendigini aýdan Şentop: "Möhüm bolan zat terror guramalarynyň arasynda tapawut goýmazlykdyr. Terroryň dili, dini, milleti, medeniýeti tapawudy ýokdyr. Käbir Günbatar ýurtlarynyň esasan hem öz bähbitlerine laýyklykda hyzmat edip biljek, öz bähbitlerine zyýan ýetirmejekdigini pikir edýän terror guramalary üçin garşy pozisiýa eýelemeýändigini, wagtal-wagtal käbir aksiýalaryna gözüni ýumýandygyny, hat-da käwagt hyzmatdaşlyk edýändigine şaýat bolýarys. Hyzmatdaşlarymyzyň PKK-nyň Siriýadaky şahasy bolan PÝD/ÝPG terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini gördük. Bu iki ýüzli, iki standartly bir pozisiýadyr" diýip habar berdi. 

Terrora garşy göreşde soňky ýyllarda ýetilen sepgitleriň üstünde durup geçen Şentop: "Türkiýe gazanan tehnoligiki ösüşleriniň saýasynda, esasan hem ýaragly we ýaragsyz uçarmansyz howa ulaglary bilen terrora garşy göreşinde gowy netijelere ýetdi. Şu günki gün beýleki ýurtlaryň razwedkasyna, goldawyna mätäç bolmadan öz elimizdäki mümkinçikler bilen, tehnologiki güýjümiz bilen terror guramalaryna indi göz açdyrmaýarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar