Ömer Çelik grek esgerleriň bosgunlary ýençmegine reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, grek esgerleriň Edirne welaýatynyň serhediniň golaýynda bosgunlary ýençmegine, pullaryny we pasportlaryny ellerinden almagyna reaksiýa bildirdi

1592191
Ömer Çelik grek esgerleriň bosgunlary ýençmegine reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Twitterden beren beýanatynda grek howpsuzlyk güýçleriniň, bosgunlara garşy adamkärçiliksiz çemeleşmelerini dowam etdirýändigini habar berdi. 

Ömer Çelik: "Grek esgerleriň Edirne welaýatynyň serhediniň golaýynda bosgunlary ýençmegini, pullaryny, pasportlaryny we hat-da aýakgaplaryny ellerinden alyp, serhet liniýasyndan yzyna itmegini ýazgarýarys" diýip nygtady. 

Ömer Çelik: "Ýewropa Bileleşigi serhetlerinde bular ýaly adamkärçiliksiz çemeleşmeleriniň edilmegine rugsat bermeli däldir. Bu serhetleri goramak däl, eýsem adam hukuklarynyň düzgün bozulmasydyr. Bular ýaly serhet gorag missiýasy bilen serhetleri gorap, beýleki tarapdan bolsa adam hukuklarynyň we adamzat gymmatlyklaryndan söz aýtmak mümkin däldir. Milletimiz hemişe ejir çeken adamlaryň sygynan ýeri hökmünde ýatlanypdyr we bu biziň iň uly buýsanç çeşmelerimiziň biridir. Aralarynda zenanlaryň we çagalaryň hem bolan 29 bosguny halas eden türk esgerlerine minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar