“Palestinalylaryň hukuklaryna äsgermezçilik edýän beýanaty ýazgarýarys”

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn metbugat ýygnagyny geçirdi

1309303
“Palestinalylaryň hukuklaryna äsgermezçilik edýän beýanaty ýazgarýarys”

Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Günbatar Şeriýadaky ýehudi ilatly ýerlerini ykrar edýandigi hakyndaky beýannamasyna reaksiýa bildirip, palestinalylaryň hukuklaryna äsgermezçilik edýän beýanaty ýazgarýandyklaryny aýtdy.

Ibrahim Kalyn Prezidentiň Metbugat sekretary Kalyn Ministrler kabinetiniň mejlisi dowam edýärkä metbugat ýygnagyny geçirdi.

Amerikaly resmileriň Palestinalylaryň hukuklaryna äsgermezçilik edýän beýanatyny ýazgarýandyklaryny nygtan Kalyn: “Ysraýyllylar basybalyjy. Palestinalylaryň öýlerini, zeýtun baglaryny zaýalaýarlar. Onuň ady basybalyjylyk, basybalyjylygy legallaşdyrmaklykdyr” diýdi.

Bu mesele boýunça BMG tarapyndan kabul edilen onlarça kararyň bardygyna ünsi çeken Kalyn: “Palestinanyň basylyp alynmagyny kabul edemizok. Palestin halkyny goldaýarys. Karary ýazgarýandygymyzy ýene-de bir gezek nygtasym gelýär” diýdi.

Amerikaly resmiler bilen dekabr aýynyň 3-4-i aralygynda Britaniýanyň paýtagty Londonda Türkiýäniň Russiýadan alan S-400 howa goranyş ulgamy hakynda pikir alyşyljakdygyny aýdan Kalyn, degişli ýolbaşçylaryň mesele boýunça işleýändiklerini beýan etdi.

İki ýurduň arasyndaky düşmüşmezlikleriň çözülmejek mesele bolmandygyny nygtan Kalyn; “S-400 NATO-nyň bar bolan goranyş ulgamyna bizdäki ýa-da sebitdäki howa goranyş ugamlaryna howp döretmeýär. S-400 meselesinde egilşik edilmez. Ol gol çekişilen, tamamlanan ylalaşyk” diýdi.

Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nyň maslahatyna uly taýarlyk bilen gitjekdigini beýan eden Kalyn: “Hormatly Prezidentimiz NATO-nyň missiýasy, garaýyşy, 21-nji asyrdaky pozisiýasy, mundan soňky işleri, howplara bolan çemeleşmesi hakynda möhüm ýüzlenmeler berer” diýdi.

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň pozisiýasyna ünsi çeken Kalyn: “Aslyna seredilende ÝPG/PKK, DAİŞ-iň yzyna gelmegini isleýär. DAİŞ-iň ortadan aýrylmagyny islemeýär, ondan özüni legallaşdyrjak serişde hökmünde peýdalanmak isleýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar