"Parahatçylyk Çeşmesi" operasiýasy dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda alynyp barylýan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e agza 595 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1288105
"Parahatçylyk Çeşmesi" operasiýasy dowam edýär

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan, 7-nji gününe başlan Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly berilen beýanatda: “Üstünlikli ýagdaýda dowam edýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen PKK/PÝD-ÝPG-li terrorçylaryň sany 595 boldy” diýip mälim edildi.



Degişli Habarlar