“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda bir esger şehit boldy

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä terrorçylar tarapyndan Manbijde guralan hüjümde bir esgeriň şehit boldy

1288356
“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň günorta serhetlerinde döredilmäge synanşylýan terror koridoryny ortadan aýyrmak, sebite parahatçylyk we asudalyk geçirmek maksady bilen Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynda 1 esger şehit boldy.

Şeýlelikde 9-njy oktýabrda operasiýanyň başlamagyndan bäri şehit bolan esgerleriň sany 3-e ýetdi.

Beýleki tarapdan terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Siriýada gözegçilik edýän zolagyndan Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabyndaky asuda ilata guran minemýotly hüjüminde 2 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy.

Türkiýäniň günorta serhetlerinde döredilmäge synanşylýan terror koridoryny ortadan aýyrmak, sebite parahatçylyk we asudalyk geçirmek maksady bilen Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada başladylan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy dowam edýär.



Degişli Habarlar