Penje Gulp we Penje-Gaplaň operasiýalary dowam edýär

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp we Penje-Gaplaň operasiýasy sebitlerinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1849755
Penje Gulp we Penje-Gaplaň operasiýalary dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Durmarys, ýadamarys, göreşimizi dowam etdireris. Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp we Penje-Gaplaň operasiýasy sebitlerinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmäge erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdirer" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar