PKK-a agza iki terrorçy Türk howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri edilen tagallalaryň netijesinde boýun egen terrorçylaryň sany 31-e ýetdi

1592115
PKK-a agza iki terrorçy Türk howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan edilen tagallalaryň netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, ministrligiň koordinasiýasy esasynda Içeri işler müdürligi we Žandarma güýçleriniň baş serkerdeligi tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde, terror guramasy PKK/KJK-a agza 2 terrorçy, howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi. 

Guramanyň boýun egen soňky agzalarynyň guramanyň düzümine 2014-nji we 2015-nji ýyllarda goşulandyklaryny, soňky gezek bolsa Yrakda we Siriýada iş alyp barandyklary anyklandy. 

Şeýlelik bilen şu ýylyň başyndan bäri edilen tagallalaryň netijesinde boýun egen terrorçylaryň sany 31-e ýetdi. 



Degişli Habarlar