PKK/ÝPG-ä Agza 7 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýanyň demirgazygynda terrordan saplanan etrapçalarda terror guramasy PKK/ÝPG-niň hüjüminiň öňü alyndy.

1833575
PKK/ÝPG-ä Agza 7 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Siriýanyň demirgazygynda terrordan saplanan etrapçalarda terror guramasy PKK/ÝPG-niň hüjüminiň öňü alyndy.

“Ýefrat Galkany”, “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ot açan PKK/ÝPG-li 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan İçeri işler ministrligi tarapyndan başladylan “Eren Gabaw-7” operasiýasynyň çäginde Tunjeli welaýatynda terror guramasy PKK-nyň ulanan gowagynda köp sanly ýarag bilen 5 tonnadan gowrak azyk önümi tapyldy.

 



Degişli Habarlar