Prezident Erdogan 2,5 aý soň Ankara geler

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatyna we Ministrler kabinetiniň mejlisine ýolbaşçylyk eder

1426691
Prezident Erdogan 2,5 aý soň Ankara geler

 

2 aýdan gowrak wagt bäri öz işini Stambuldan dowam etdirýän Prezident R. T. Erdogan Ankara geler.

Prezident Erdoganyň çarşenbe güni Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatyna, penşenbe güni hem Prezidentiň Kompleksinde geçiriljek Ministrler kabinetiniň mejlisine ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.

Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatynda we Ministrler kabinetiniň mejlisinde täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş, kadalaşma etaby we epidemiýadan soň durmuşa geçiriljek işleriň seljerilmegine garaşylýar.

Liwiýada we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hem gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

 



Degişli Habarlar