Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministrini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramany kabul etdi

1319607
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministrini kabul etdi

Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgünde geçen duşuşyk, metbugata ýapyk häsýetde 1,5 sagat dowam etdi.

Duşuşykda birnäçe wagt ozal Albaniýada bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titreme gün tertibe getirildi.

Prezident Erdogan ýer titremeden soň, Albaniýada 500 ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy barada karar kabul edendiklerini habar beripdi.

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli döwlet we hususy pudak maýa goýum konferensiýasyna gatnaşmak maksady bilen Stambula gelipdi.


Etiketkalar: #ýer titreme , #Albaniýa

Degişli Habarlar