Prezident Erdogan Azerbaýjana gitdi

Erdogan, Türk Geňeşiniň 7-nji liderler maslahatyna gatnaşar

1287640
Prezident  Erdogan Azerbaýjana gitdi

Prezident R. T. Erdogan, Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türk Geňeşiniň) 7-nji liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana gitdi.

Prezident Erdogan Atatürk adyndaky howa menzilinde metbugata beýannama beren soň Türkiýe wagty bilen 11.20-de “TJ-TUR” uçary bilen Bakuwa uçdy.

Prezident Erdogany Wise-prezident Fuat Oktaý, TBMM-niň Plan we bujet komissiýasynyň başlygy Adalat we ösüş partiýasynyň Mersin halk deputaty Lütfü Elwan, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara halk deputaty Ýalçyn Akdogan bilen birikde beýleki ýolbaşçylar ugratdy.

Prezident Erdogana saparynyň çäginde aýaly Emine Erdogan, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Söwda ministri Ruhsar Pekjan, Komunnikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem Azerbaýjana gitdi.

 



Degişli Habarlar