Prezident Erdogan Çagalar baýramçylygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident R.T.Erdogan iň uly arzuwynyň çagalara ýaşlara ýagty geljek taýarlamakdygyny beýan etdi

1188154
Prezident Erdogan Çagalar baýramçylygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk ederasyndan berilen beýannama görä Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramçylygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Türkiýäniň Mejlisiniň açylan gününiň 99-njy ýyllygyny, Türkiýäniň we dünýäniň ähli çagalarynyň Milli häkimiýet hem-de çagalar baýramçylygyny gutlan Erdogan ýüzlenmesinde: “Milli özbaşdaklygymyzyň düýbi tutulýarka eziz milletimiziň ähli raýatlary bilen ýeňişe we Respublikamyzyň gurulmagyna barýan ýolda agzybirlik bilen göreş alynyp baryldy. “Häkimiýet şertsiz-belliksiz milletiňkidir” şygary bilen garaşsyzlyk we gelejek göreşini alyp baran, geljegini kesgitlän milletimiz üçin Mejlisiň açylmagy watan we baýdak söýgüsiniň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň simwolyna, azatlygymyzyň hemaýatkärine öwrüldi” diýip, nygtady.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: “1920-nji ýylyň 23-nji apreli milli ygtyýary ähli güýçden ýokarda gören milletimiz üçin, milli ygtyýardan ýokarda haýsydyr bir güýjüň, haýsydyr bir dolanşygyň, haýsydyr bir hemaýatyň ykrar edilmejekdiginiň we doly garaşsyzlyk ugrunda öňe gitmegiň yglan edilmegidir. Azat edijilik söweşinde gahrymanlyk dessanyny ýazan eziz milletimiz, Respublikanyň yglan edilmeginden soň ähli ugurlarda çaltlyk bilen ösmegi we öňe gitmegi ýörelge edinip, Türkiýäniň şu günki günde dünýäniň abraýly ýurtlardan birine öwrülmegini üpjün etdi” diýip ýazdy.

Prezident Erdogan açylan gününden bäri Mejlisde ýurda hyzmat eden ähli halk deputatlaryny hotmat bilen ýatlap; “Garaşsyzlyk söweşimiziň serkerdebaşysy, Türkiýäniň Mejlisiniň ilkinji Başlygy, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gahryman Mustafa Kemal Atatürk bilen ähli şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy hormat bilen ýatlaýaryn. Ähli çagalarymyzyň, bütin dünýä çagalarynyň bu buýsançly baýramyny gyzgyn gutlaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar