Prezident Erdogan fransuz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1288088
Prezident Erdogan fransuz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Erdogan, fransuz kärdeşine Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogarynda geçirilýän Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň sebitleýin we global parahatçylyga we durnuklylyga goşant goşjakdygyny beýan etdi.

Beýleki tarapdan bolsa Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem fransiýaly kärdeşi Florens Perli bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Siriýa başda bolmak bilen goranmak we howpsyzlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.


Etiketkalar: #Fransiýa , #kärdeş , #Erdogan

Degişli Habarlar