Prezident Erdogan halka ýene-de bir gezek daşaryk çykmazlyklary üçin çagyryş berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, sosial media hasabyndan Türkiýä ýene-de bir gezek "Öýüňde gal" diýip çagyryş berdi

15 Eylül 2020 22:32

Prezident Erdogan, täze görnüş koronawirusa garşy göreş bilen bagly işlerini Stambul şäherinden dowam etdirýär. 

Sosial media hasabyndan raýatlara "Gündelik durmuşyň öýe sygar", "Öýüňde gal Türkiýe" heştegi bilen ýüzlenme berdi. 

Kovid-19 bilen baglanşykly işleriň ýakyndan gözegçilik edilýändigini we gerek bolan çäreleriň iň tiz wagtda görülýändigini aýdan Erdogan: "Ähli duýduryşlara gulak asalyň, sabyrly bolalyň, ünsli bolalyň, özümiziň we töwerekdäkilerimiziň arassaçylygyny ünsden düşürmäliň" diýip belledi.