Prezident Erdogan Izmirde bolan ýer titreme bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Izmirde bolan ýer titreme bilen baglanşykly gynanç bildirdi

1518905
Prezident Erdogan Izmirde bolan ýer titreme bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan: "Döwletimiz ähli mümkinçilikleri bilen ýer titremede ejir çeken raýatlarymyzyň ýanyndadyrys. Degişli ähli guramadyr-edaralarymyz bilen işe girişdik" diýip habar berdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem öz gezeginde: "Häzirki wagta çenli Izmiriň Bornowa we Baýrakly etraplarynda 6 binanyň ýumrulandygy barada maglumat aldyk. Uşak, Denizli, Manisa, Balykesir, Aýdyn we Mugla welaýatlaryndaky binalarda kiçiräk jaýryklardan daşary, hiç hili adam ýitgisiniň çekilendigi barada maglumat almadyk" diýip aýan etdi. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Izmir

Degişli Habarlar