Prezident Erdogan koronawirus bilen baglanşykly maslahat geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň täze görnüş koronawirusa garşy göreşdäki iň uly artykmaçlygynyň, güýçli saglygy goraýyş infrastrukturasydygyny belledi

1389299
Prezident Erdogan koronawirus bilen baglanşykly maslahat geçirdi

Prezident Erdogan we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň welaýat başlyklary bilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. 

Bütin dünýäni täsiri astyna alan we Türkiýede hem gabat gelinen koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň üstünde durup geçen Erdogan: "Bu tapgyrda epidemiýa garşy göreşde iň uly artykmaçlygymyz güýçli saglygy goraýyş infrastrukturamyz we epidemiýa garşy göreşi ir başlatmagymyz" diýip belledi. 

Guramadyr-edaralaryň çärelere berk ýagdaýda gözegçilik edýändigini bellän Erdogan: "Maksadymyz bu kyn döwürde iň az ýitgi bilen hötdesinden gelmek" diýip nygtady. 

Raýatlara düzgün kadalara gulak asmaga çagyran Preident Erdogan: "Sosial hereketi näçe azaltsak, sosial araçägi nähili derejede uzaltsak keseli şonça çalt ýeňeris. Kyn günler geçýänçä çenli raýatlarymyzdan öýlerinden çykmazlyklary barada haýyş edýärin. Her bir raýatymyz meýletin karantiniň düzgünlerini berjaý etse, şonçada berk çäreler görmäge mejbur galmarys" diýdi. 

Şäherara transportyň bölekleýin häsýetde durandygyny, saglygy goraýyş, azyk, arassaçylyk we şuňa meňzeş hyzmatlaryň arakesmesiz ýagdaýda dowam etmegini üpjün edendiklerini, bilimi distansion usulda alyp barýandyklaryny, döwlet edaralarynda we hususy pudaklarda mümkin boldugy saýyn öýden işlemäge mümkinçilik döredendiklerini, görülen çärelerden zyýan çeken ähli adamlara uly kömek we yza süýşürme ýaly ýeňillikleri döredendiklerini aýdan Erdogan, "Biz bize ýeteris şygary" bilen bilen başladylan ýardam kampaniýasy bilen üýşürilen pullaryň sosial we raýdaşlyk gaznalarynyň üsti bilen mätäç bolan adamlara paýlanjakdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Guramalarymyzyň ählisini bu kampaniýa gatnaşmaga çagyrýaryn" diýip belledi. 

Maska önümçiliginiň hem üstünde durup geçen Erdogan, bu babatda işe girişendiklerini belläp: "Hem ýurdumyzyň hem-de dostlukly ýurtlaryň talaplaryna laýyklykda kömek bermäge synanyşýarys. Kombinezon, ellik önümçiliginiň hem üstünde işleýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar