Prezident Erdogan, koronawirusa garşy göreş üçin görlen çäreler hakynda maglumat berdi

“Koronawirusyň ýaýramak depginini 2-3 hepde bilen çäklendirip bilsek, taprygy gysga wagtda we mümkin boldugyça az ýitgi bilen tamamlarys”

1385156
Prezident Erdogan, koronawirusa garşy göreş üçin görlen çäreler hakynda maglumat berdi

Prezident R. T. Erdogan, täze koronawirusa garşy göreş üçin görlen çäreler hakynda maglumat berdi

Prezident Erdogan “Koronawirusyň ýaýramak depginini 2-3 hepde bilen çäklendirip bilsek, taprygy gysga wagtda we mümkin boldugyça az ýitgi bilen tamamlarys” diýdi.

Prezident Erdogan Kowid-19-a garşy göreşde görlen çäreler we ýetilen sepgit hakynda halka ýüzlenip eden çykyşynda “Türkiýe,  dünýäde koronawirusyň ilkinji gezek hasaba alynan gününden bäri mesele bilen ýakyndan gyzyklanan we degişli çäreleri gören ýurtlardan biri” diýdi.

Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiligi we hili meselesinde halkyň arkaýyn bolmagyny islän Erdogan, ýüze çykyp biljek ähli senarilere garşy taýarlyk görlendigini belledi.

Erdogan “Koronawirusyň ýaýramak depginini 2-3 hepde bilen çäklendirip bilsek, taprygy gysga wagtda we mümkin boldugyça az ýitgi bilen tamamlarys. Şeýle bolman halatynda, beýleki ýurtlarda görşümiz ýaly has uly ýitgi çekilmeli bolar we berk çäre görmegimiz gutulgusyz ýagdaýa geler” diýdi.

Prezident Erdogan Twitterden beren wideo ýüzlenmesinde bolsa “Hiçbir duşman, halkymyzyň jebisliginden, bitewiliginden, güýjünden we arkalaşygyndan has güýçli däldir. İnşalla bu koronawirus howpyny hem jebislikde we agzybirlikde ýeňeris” diýdi.



Degişli Habarlar