Prezident Erdogan Kriter žurnalyna beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň, adamzat taryhynyň soňky asyrdaky iň uly saglygy goraýyş krizisileriniň biridigini belledi

1454084
Prezident Erdogan Kriter žurnalyna beýanat berdi

Prezident Erdogan, Kriter žurnalyna beren beýanatynda, dünýäniň ençeme ýurdunyň bu epidemiýa saglygy goraýyş infrastrukturasy taýdan taýarlyksyz girendigini, käbir ösen ýurtlaryň raýatlaryny we saglygy goraýyş edaralarynda işleýänlerine kombinezon, maska, gorag egin-eşikler ýaly ýönekeý zatlar bilen hem üpjün etmekde kynçylyk çekendigine ünsleri çekdi.

Adamlaryň üns berilmeýänliginden ölýän, saglygy goraýyş edarlarynyň işgärleriniň maska tapmadyk, garrylar öýlerinde başdan geçirilen utandyryjy ýagdaýlaryň hiç biriniň Türkiýede bolmandygyny aýdan Erdogan, şonuň bilen birlikde din, dil, jyns we sebit tapawudy goýman dünýäniň 140 ýurduna lukmançylyk enjamlarynyň ugradylandygyny habar berdi.  

Türk firmalar tarapyndan öndürilen dem alyş enjamlarynyň Braziliýadan Somala çenli dünýäniň ençeme ýurdunda ulanylýandygyny aýdan Erdogan, 8-i sanjym bolmak bilen 17 derman taslamalarynyň üstünde işlenmäge dowam edilýändigini aýan etdi.

Prezident Erdogan, saglygyň gadyrynyň gowy göz ýetirilýän bu döwürde, Türkiýäniň uly bir çekiş merkeziniň boljakdygyna, saglygy goraýş syýahatçylygy ugrunda hem özüni dünýä ykrar etdirjekdigine ynanýandygyny belledi.



Degişli Habarlar