Prezident Erdogan NATO-nyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirmäge dowam edýär

Duşuşyklar metbugata ýapyk häsýetde geçdi

1849876
Prezident Erdogan NATO-nyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirmäge dowam edýär
erdogan-macron.jpg
johnson-erdogan.jpg

NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammiti mynasybetli Ispaniýanyň paýtagty Madride giden Prezident Rejep Taýýip Erdogan, sammitiň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirmäge dowam edýär. 

Prezident Erdogan sammitden ozal Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Erdogan soň bolsa Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel we Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen aýry aýry duşuşyk geçirdi. 

Duşuşyklar metbugata ýapyk häsýetde geçdi. 

Prezident Erdogan mundan başgada Awstriýanyň Premýer ministri Karl Nehammer, Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen ikiçäk duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirilýär.

Prezident Erdoganyň Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:45-de bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar