Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Prezident Erdogan sammitden ozal Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirdi

1849702
Prezident Erdogan NATO sammitiniň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammiti mynasybetli Ispaniýanyň paýtagty Madride giden Prezident Rejep Taýýip Erdogan, sammitiň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär. 

Prezident Erdogan sammitden ozal Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirdi. 

Prezident Erdogan mundan başgada Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Awstriýanyň Premýer ministri Karl Nehammer, Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte bilen ikiçäk duşuşyklar geçirmegi meýilleşdirilýär.

Prezident Erdoganyň Türkiýäniň wagty bilen sagat 18:45-de bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar