Prezident Erdogan Raýatlaryň Baýramyny Gutlady

Prezident R.T.Erdogan 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli beren wideo gutlagynda Türkiýede we daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli raýatlaryň baýramyny gutlady

1518021
Prezident Erdogan Raýatlaryň Baýramyny Gutlady

Respublika baýramynyň şatlygyna goşulýan her bir adama minnetdarlyk bildiren Prezident Erdogan, Respublikanyň yglan edilen gününiň 97-nji ýylynda Garaşsyzlyk söweşiniň ähli garahrymanlary bilen Respublikanyň esaslandyryjysy Gahryman M.K.Atatürki baş egmek bilen hatyralaýandygyny aýtdy.

Malazgirt ýeňişinden şu günki güne ençeme frontda birden dowam etdirilýän terrorçylyga garşy göreş operasiýalaryna çenli, müň ýyldan bäri watany goramak üçin şehitlik we kazylyk derejelerine eýe bolan ähli gahrymanlary rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralan Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Garaşsyzlyk söweşimize gönüden ýolbaşçylyk eden, 16-nji iýul gijesi huntaçylara garşy görkezen şanly garşylyk bilen ýene-de bir gezek kazylyk derejesini alan, milli ygtyýaryň beýan tapýan ýeri bolan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine şöhrat? Respyblikamyzyň 100-nji ýylyny dabara bilen belläp geçmäge taýarlyk görýän döwrümizde, şol bir wagtda 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin goýlan maksatlara ýetmek üçin irginsiz tagalla edýäris.

Türkiýe demokratiýa we ösüş göreşini ýeke partiýa diktaturasyndan agdarlyşyklara, agalygyň basyşyndan terrorçylyga garşy göreşe çenli ençeme bökdençligi ýeňip, dowam etdiren ýurt. Şol uzak we çarkandakly ýolda ýüze çykan kynçylyklar milletimizi garaşsyzlyk we gelejek gowgasyndan dändirmek beýlede dursun, tersine güýjüne güýç goşdy.”

Erdogan ýüzlenmesini şeýle dowam etdirdi: “Milletimizden alýan güýjümiz bilen diplomatiýadan ykdysadyýete we ruhy gymmatlyklarymyza çenli edilýän hüjümleri biri-birin puja çykarýarys.

Respublikamyzyň esaslandyryjy ygtyýary şu watany basybalyjylardan nähili halas eden bolsa, biz hem maksatlarymyza şeýle ýeteris. Biz şu gün 20 ýyl ozalkysyndan ähli taraplaýyn has ynamly, ähli çydamly we has güýçli. Enşalla ýurdumyzy 2023-nji ýyla çenli döwür üçin öňde goýan maksatlara ýetirsek, sebitimizde we dünýäde täze döwür başladarys.

Global ulgamyň çaprazlyklaryna ünsi çekýän “Dünýä 5-den uly” çagyryşymyzyň baýanlary günsaýyn güýçlenýärkä, dostlarymyz bilen bilelikde hyýalyny edýän asuda we eşretli geljege tarap umytly ýöreýäris. Alla ýaryňyz bolsun diýýärin we şeýle gowy duýgular bilen Respublikamyzyň 97-nji ýylyny ýene-de bir gezek gutlaýaryn.”



Degişli Habarlar