Prezident Erdogan rus lider Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Waldimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1454199
Prezident Erdogan rus lider Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, ykdysadyýet başda bolmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanşykly ädimleriň we täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ele alynan telefon söhbetdeşliginde, mundan başgada Liwiýada we Siriýada başdan geçirilýän soňky hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Erdogan we Putin, iki ýurdyň arasynda bar bolan gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi bilen birlikde, sebitleýin parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk üçin hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirmek barada karara geldiler.



Degişli Habarlar