Prezident Erdogan, Taksim Metjidiniň We Atatürk Medeniýet Merkeziniň Gurluşyk Işleri Bilen Tanyşdy

“Taksim metjidiniň remezan aýynda, Atatürk medeniýet merkeziniň hem 2021-nji ýylyň 6-njy aýynyň ahyryna çenli açylmagy maksat edinilýär"

1518804
Prezident Erdogan, Taksim Metjidiniň We Atatürk Medeniýet Merkeziniň Gurluşyk Işleri Bilen Tanyşdy

 

Prezident R. T. Erdogan, Stambul şäherinde gurluşygy dowam edýän Taksim metjidiniň remezan aýynda ýagny aprel aýynyň 13-i bilen maý aýynyň 12-i aralygynda, Atatürk medeniýet merkeziniň hem 2021-nji ýylyň 6-njy aýynyň ahyryna çenli açylyp bilinjekdigini aýtdy.

Taksim metjidiniň we Atatürk medeniýet merkeziniň gurluşyk işleri hakynda maglumat alan Prezident Erdogan, metbugata beýannama berdi.

Erdogan “Taksim metjidiniň remezan aýynda, Atatürk medeniýet merkeziniň hem 2021-nji ýylyň 6-njy aýynyň ahyryna çenli açylmagy maksat edinilýär. Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi medeniýet merkeziniň 2021-nji ýylyň 6-njy aýynda açylmagy üçin uly tagalla edýär” diýdi.

Türkiýäniň ozalky premýer ministrlerinden Mesut Ýylmazyň ýogalmagy barada hem durup geçen Prezident R. T. Erdogan “Maşgalasyna duýgudaşlyk bildirýärin. Ýatan ýeri ýagty bolsun, jaýy jennetden bolsun” diýip belledi.



Degişli Habarlar