Prezident Erdogan Türkiýä gaýdyp geldi

Erdogany howa menzilinde Wise-prezident Fuat Oktaý, Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa we Stambulyň Içeri işler müdüri Mustafa Çalyşkan garşylady

1343593
Prezident Erdogan Türkiýä gaýdyp geldi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň çakylygyna laýyklykda, Liwiýa temasy bilen geçirilen maslahat üçin guran Berlin saparyndan soň Türkiýä geýdyp geldi.

Prezident Erdogany we ýanyndaky wekiliýeti daşaýan ýörite uçar “TRK”, Türkiýäniň wagty bilen sagat 23:50-de Stambul şäheriniň Atatürk howa menziline gondy.

Erdogany howa menzilinde Wise-prezident Fuat Oktaý, Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa we Stambulyň Içeri işler müdüri Mustafa Çalyşkan garşylady.

Prezident Erdogan bilen şeýle hem Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Milli Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Hakan Fidan, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn hem Türkiýä gaýdyp geldi.



Degişli Habarlar