Prezident Erdogan: "Ýaşlarymyza güýçli Türkiýäni goýup gitmekde tutanýerlidiris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ýaşlara beýik we güýçli Türkiýäni goýup gitmekde tutanýerlidiklerini belledi

1425867
Prezident Erdogan: "Ýaşlarymyza güýçli Türkiýäni goýup gitmekde tutanýerlidiris" diýdi

Prezident Erdogan, Stambul Sanjaktepe Prof. Dr. Feriha Öz adatdan daşary ýagdaýlar hassahanasynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi. 

Erdogan, dünýäniň ençeme ýurdunyň koronawirus epidemiýasy sebäpli saglygy goraýyş ulgamynyň çöken bir döwründe, Türkiýäniň hem bar bolan mümkinçiliklerini ulanyp, hem-de täze mümkinçilikler döredip tapawutly bir pozisiýa gelendigini habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýäniň saglygy goraýyş pudagynda ýeten sepgidiniň iň anyk görkezijisi bolan bu hassahanalarymyz şypany ýurdumyzda gözleýän her kime berer" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Häzirki wagta çenli 190-dan gowrak ýurtdan talap geldi, emma biz 90-dan gowrak ýurda her dürli lukmançylyk enjam kömegini ugratdyk" diýip habar berdi. 

Erdogan: "Epidemiýadan soň hem saglygy goraýyş desgalarymyz hem-de umumy saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmamyz üstünlikli bir nusga hökmünde global derejede has hem özüne çeker" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýäni Respublikanyň esaslandyrylan ýylynyň 100 ýyllygyna, ýagny 2023-nji ýyla ýetireris. Ýaşlarymyza şu gün 567-nji ýyllygyny belläp geçýän Stambulyň zabt edilen gününiň 600-nji ýyly bolan 2053-nji ýyl üçin beýik we güýçli Türkiýäniň goýup gitmekde tutanýerlidiris" diýip beýan etdi.


Etiketkalar: #ýaşlar , #Stambul , #Erdogan

Degişli Habarlar