Prezident Erdoganyň Azerbaýjan sapary dowam edýär

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi

1288257
Prezident Erdoganyň Azerbaýjan sapary dowam edýär
erdogan-orban.jpg

Erdoganyň Türk Geňeşiniň 7-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen giden Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki myhmanhanalaryň birinde Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçiren duşuşygy 1 sagat dowam etdi.

Duşuşyga Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank bilen Söwda ministri Ruhsar Pekjan gatnaşdy.

Erdogan agşam bolsa Tunisiň täze Prezidenti Kaýs Said bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Erdogan, Prezident Saidi saýlawda gazanan üstünligi bilen gutlady, işilerinde üstünlik arzuw etdi.

Prezident Erdogan, düýn şeýle hem Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orbany kabul etdi.

Metbugata ýapyk häsýetde geçen duşuşyk 30 minut dowam etdi.

Kabul edilşige Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank we Söwda ministri Ruhsar Pekjan gatnaşdy.



Degişli Habarlar