Rahşan Ejewit soňky ýoluna ugradyldy

97 ýaşyndaky Rahşan Ejewit anna güni ýogalypdy

1343492
Rahşan Ejewit soňky ýoluna ugradyldy

Ankarada anna güni ýogalan Demokrat Çepçi partiýasynyň gurujysy ozalky premýer ministrlerden Bülent Ejewitiň aýaly Rahşan Ejewit soňky ýoluna ugradyldy.

Rahşan Ejewit üçin Ankarada Kojetepe metjidindäki jynazasyna Jemhuriýet Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem gatnaşdy.

Rahşan Ejewit wesýetine laýyklykda merhum Premýer ministr Bülent Ejewidiň ýanyna Döwlet gonamçylygyna jaýlandy.

97 ýaşyndaky Rahşan Ejewit anna güni ýogalypdy.

 

                                                                              

 

 



Degişli Habarlar