Rasulaýnda terror guramasynyň öndürýän ýerinde köp mukdarda ok-däri ele salyndy

Siriýanyň Rasulaýn etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan ýarag kärhanasyna öwrülen binada köp mukdarda ok-däri ele salyndy

1309680
Rasulaýnda terror guramasynyň öndürýän ýerinde köp mukdarda ok-däri ele salyndy

Terrordan saplanan Rasulaýnda gözleg we barlag işleri dowam edýär.

Gözleg we barlag işlerinde terrorçylara degişli köp mukdarda ok-däri ele salyndy.

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada: “Rasulaýnda gözleg we barlag işlerine dowam edýän desant güýçlerimiz terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan ýarag kärhanasyna öwrülen bir gatly binada jemi 683 sany raketa enjamyny we 93 sany elde ýasalan granady ele saldy” diýilýär.

Beýleki tarapdan Içeri işler ministri Süleýman Soýlu terrorçylyga garşy göreş barada beýanat berdi.

Süleýman Soýlu dronlaryň ýer kesgitlemeleri bilen şu ýylyň dowamynda 363, jemi 1,144 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýtdy.

Soýlu 2016-2019-njy ýyllarda ýurduň içindäki operasiýalarda bolsa jemi 1058 DAİŞ agzasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan etdi.

Ministr Soýlu ýylyň 10 aýynda bolsa 289 terrorçynyň boýun egendigini aýtdy.



Degişli Habarlar