Resmiler Izmirde bolan ýer titreme sebäpli beýanat berdiler

Izmiriň Seferihisar etrabynyň golaýynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1518940
Resmiler Izmirde bolan ýer titreme sebäpli beýanat berdiler
deprem izmir 2.jpg
deprem izmir 1.jpg
deprem izmir.jpg
izmir deprem.jpg

AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, sagat 14.51-de Egeý deňzinde İzmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Izmiriň gubernatory Köşger, ýer titremesi hakynda beren beýannamasynda “Çekilen adam pidasy barada heniz hiç hili maglumat ýok. Krizis merkezine geçeris we gelip gowşan maglumatlary halka ýetireris” diýdi.

Ýer titreme sebäpli Bornowa we Baýrakly etraplarynda käbir binalar ýumruldy. 

Baýrakly etrabynda ýer titreme sebäpli ýumrulan binanyň aşagyndan 3 adam ýaraly ýagdaýda halas edildi. 

Seferihisar etrabynda ýer titremäniň täsiri bilen deňiziň suw derejesiniň ýokarlamagy bilen käbir köçeleri suw aldy. 

Beýleki tarapdan, Prezident Erdogan Izmirde bolan ýer titreme bilen bagly beýanat berdi. Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Izmirde bolan ýer titreme bilen baglanşykly gynanç bildirdi.

 

Prezident Erdogan: "Döwletimiz ähli mümkinçilikleri bilen ýer titremede ejir çeken raýatlarymyzyň ýanyndadyrys. Degişli ähli guramadyr-edaralarymyz bilen işe girişdik" diýip habar berdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Okyaý sosial media hasabynyň üsti bilen beren beýanatynda: "Izmirde bolan we golaýdaky welaýatlarda hem duýulan ýer titremede zyýan çeken raýatlarymyza gynanç bildirýäris. Döwletimiz degişli ähli edaradyr-guramalary bilen raýatlarymyzyň ýanyndadyr" diýip belledi. 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Twitterden beren beýanatynda, ýer titremede ejir çeken ähli raýatlara gynanç bildirip: "Zyýan çeken ýerler anyklanyp, ýumrulan binalarda gözleg we halas ediş işleri iň tiz wagtda başladyldy. Döwletimiz ähli guramalary we edaralary bilen eziz milletimiziň ýanyndadyr" diýip nygtady. 

Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum, Izmirde bolan ýer titreme bilen baglanşykly: "Bornowa we Baýrakly etraplarynda 5 binanyň ýumrulandygy barada habar aldyk. Ýumrulan jaýlaryň aşagynda raýatlarymyz bar. Apat koordinasiýa merkezi gubernatorlygyň çäginde döredildi. Ähli ministrliklerimiz, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) Izmir we etraplaryna gönükdirildi" diýip habar berdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem öz gezeginde: "Häzirki wagta çenli Izmiriň Bornowa we Baýrakly etraplarynda 6 binanyň ýumrulandygy barada maglumat aldyk. Uşak, Denizli, Manisa, Balykesir, Aýdyn we Mugla welaýatlaryndaky binalarda kiçiräk jaýryklardan daşary, hiç hili adam ýitgisiniň çekilendigi barada maglumat almadyk" diýip aýan etdi. 

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly hem, ýer titremeden soň aragatnaşyk we transport babatynda hiç hili kynçylygyň başdan geçirilmändigini beýan etdi. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez hem, Izmirde bolan ýer titremeden soň, ministrlige degişli toparlaryň sebite ugrukdyrylandygyny belläp: "Elektrik tok zerurlygy bilen baglanşykly hiç hili kynçylygyň başdan geçirilmezligi üçin toparlarymyz sebite gönükdirildi" diýip belledi. 

Izmiriň şäher häkimi Tunç Soýer 20-ä golaý binanyň ýumrulandygy barada maglumatyň alynandygyny aýan etdi. 

Ýer titreme Stambulda hem duýuldy. 

Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa, beren beýanatynda: "Stambulda hem duýulan ýer titreme bilen baglanşykly hiç hili oňaýsyz maglumat almadyk. Ähli raýatlarymyza we Izmire gynanç bildirýäris" diýip belledi. 

Berilen maglumata görä Izmirdäki ýer titremeden soň sagat 15:01-dan başlap, ululyklary 4,1 bal bilen 4,8 bal aralygynda bolan 6 aýry ýer titremäniň bolandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Izmir

Degişli Habarlar