Respublika Baýramy Dabara Bilen Bellenilmäge Dowam Edilýär

Baýramçylyk çäreleri ýokary derejede geçirilýär

1518184
Respublika Baýramy Dabara Bilen Bellenilmäge Dowam Edilýär

Paýtagt Ankaradaky ilkinji çäre Atatürküň aramgähinde geçirildi. Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki resmi wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 97 ýyllygy mynasybetli Atatürküň aramgahine gül desselerini goýdy.

Erdogan mowzoleýiň ýatlama depderine: “Ýurdumyza bökdençlikler döretmek üçin içerden we daşardan edilýän hüjümler göreş hyjuwymyzy güýçlendirýär, gaýduwsyzlygymyzy hasam artdyrýar. Ýeňişden doly şanly geçmişimizden güýç alyp, jebislik, agzybirlik we doganlyk duýgulary bilen geljegimize tarap ýörişimizi dowam etdireris” diýip ýazdy.

Resmi çäreden soň Atatürkiň mowzoleýi halkyň zyýaratyna açyldy.

Atatürkiň mowzoleýinden soň baýramçylyk çäreleri Prezidentiň kompleksinde dowam etdi. Anytkabirdäki çäreden soň baýramçylyk dabaralary Prezidentiň kompleksinde dowam etdi.

Prezident Erdogan ol ýerde 29-njy oktýabr baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Dabarada TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý, ýokary kazyýet organlarynyň başlyklary, hökümetiň agzalary, Milletçi hereket partiýasynyň Başlygy Dewlet Bahçeli, Mejlisin Başlygynyň wekilleri, Baş ştabyň Başlygy general Ýaşar Güler, harby güýçleriň serkerdeleri, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt diplomatlary Prezident Erdogany baýramçylyk bilen gutladylar.

Paýtagtdaky baýramçylyk şowhuny “Respublika baýramy korteži bilen dowam etdi. TBMM-den başlan dabaraly ýöriş Birinji Mejlisde gutardy. Ýörişden ozal harby orkestriň çykyşy boldy.

29-njy oktýabr Respublika baýramyna bagyşlanan çäreleri sebäpli paýtagtda käbir esasy ýollar gatnawa ýapyldy.

Baýramçylyk çäreleri resmi dabaralar bilen çäkli bolmaz.

Kommunikasiýalar edarasynyň guramagynda Antalýadaky gadymy Patara şäherinde Prezidentiň Diwanynyň Simfoniýa orkestry hem Türkiýe wagty bilen 19:23-de Dabaraly Respublika konsertini berer.

Aýratynam Ortaýer deňizinde 97 çümüji bilen ýörite suwasty yşyk şou görkeziler.



Degişli Habarlar