Respublikanyň Yglan Edilen Gününiň 97-nji Ýyly Dabara Bilen Bellenilip Geçilýär

Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 97 ýyllygy ýurduň çar tarapynda, daşary ýurtlardaky wekilhanalarda we DKTR-da dabara bilen bellenilip geçilýär

1518039
Respublikanyň Yglan Edilen Gününiň 97-nji Ýyly Dabara Bilen Bellenilip Geçilýär

Paýtagt Ankaradaky ilkinji çäre Atatürküň aramgähinde geçirildi. Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki resmi wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 97 ýyllygy mynasybetli Atatürküň aramgahine gül desselerini goýdy.

Erdogan mowzoleýiň ýatlama depderine: “Ýurdumyza bökdençlikler döretmek üçin içerden we daşardan edilýän hüjümler göreş hyjuwymyzy güýçlendirýär, gaýduwsyzlygymyzy hasam artdyrýar. Ýeňişden doly şanly geçmişimizden güýç alyp, jebislik, agzybirlik we doganlyk duýgulary bilen geljegimize tarap ýörişimizi dowam etdireris” diýip ýazdy.

Resmi çäreden soň Atatürkiň mowzoleýi halkyň zyýaratyna açyldy.

Atatürkiň mowzoleýinden soň baýramçylyk çäreleri Prezidentiň kompleksinde dowam eder. Przident Erdogan ol ýerde 29-njy okýabr gutlaglaryny kabul eder. Erdoganyň şanly sene mybasybetli Beştepede “Milli Göreş Sergisini” açmagyna garaşylýar.

Paýtagtdaky baýramçylyk şowhuny “Respublika baýramy korteži” bilen dowam eder. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinden başlajak dabaraly ýöriş, Birinji Mejlisde tamamlanar.

29-njy oktýabr Respublika baýramyna bagyşlanan çäreleri sebäpli paýtagtda käbir esasy ýollar gatnawa ýapylar.

Baýramçylyk çäreleri resmi dabaralar bilen çäkli bolmaz.

Kommunikasiýalar edarasynyň guramagynda Antalýadaky gadymy Patara şäherinde Prezidentiň Diwanynyň Simfoniýa orkestry hem Türkiýe wagty bilen 19:23-de Dabaraly Respublika konsertini berer.

Aýratynam Ortaýer deňizinde 97 çümüji bilen ýörite suwasty yşyk şou görkeziler.



Degişli Habarlar