Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, lukmanar bilen wideo korferensiýa arkaly gepleşik geçirdi

Koronawirus epidemiýasy bütin dünýä hem-de Türkiýä howp salýar

1389024
Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, lukmanar bilen wideo korferensiýa arkaly gepleşik geçirdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, koronawirus kesellilerini bejerýän lukmanar we saglygy goraýyş işgärleri bilen wideo korferensiýa arkaly gepleşik geçirdi we kesellileriň bejerlişi hakynda pikir alyşdy.

Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanata görä, ministr Koja wideo konferensiýada koronawirus epidemiýasynyň bütin dünýä hem-de Türkiýä howp salýandygyny nygtady we bu etapda saglygy goraýyş işgärleriniň jogapkärçiliginiň has uludygyna ünsi çekdi.

Saglygy goraýyş ministri Koja, 1 million 100 müňe golaý saglygy goraýyş işgäriniň iň uly güýçleridigini nygtady we “Agyr günleri başdan geçirýändigiňizi bilýärin. Bir tarapdan kesellileri halas etmek üçin tagalla edýärsiňiz, beýleki tarapdan  size uly howp abanýar. Kesellileriň bejergisine näçe ir başlasak şonça peýdaly bolar” diýdi.

Koja hassahanalara 24 million maska, 3 milliondan owrak N95 maskasyny, 1 milliondan gowrak hem kombinezon we äýnek paýlandyklaryny ýatlatdy.

Lukmanlar hem hassahanalardaky koronawirus kesellileri hakynda Saglygy goraýyş ministri Koja maglumat berdi.

Medisina we koronawirusdan goraýjy enjamlar meselesinde hiç hili kynçylygyň ýokdygyny nygtan lukmanlar ministr Koja sag bolsun aýtdy.

 



Degişli Habarlar